Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew Azerbaýjanda


Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy.

Penşenbe gijesi D.Medwedew Azerbaýjanyň öňki prezidenti Haýdar Aliýewiň, onuň aýalynyň guburyna we Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hormatyna dikilen ýadygärlige gül goýdy.

Şu gün Medwedew Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen gepleşikler geçirer.

Habarlara görä, olar hususan Daglyk Garabag dawasyny çözmek we Hazardaky halkara hyzmatdaşlyk barada gürrüň ederler.
XS
SM
MD
LG