Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakyn Gündogar gepleşikleri gün tertibinde


Barak Obama üstünligiň entek uzakdadygyny boýun aldy, emma gepleşikleriň parahatçylyga bolan umudy güýçlendirýänligini belledi.
Barak Obama üstünligiň entek uzakdadygyny boýun aldy, emma gepleşikleriň parahatçylyga bolan umudy güýçlendirýänligini belledi.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak Tamda Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşdy.

Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň öň ýanynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahuny we Palestinanyň premýer-ministri Mahmud Abbasy Ak Tamda garşy aldy.

Hepdäniň çarşenbe güni geçirilen resmi gepleşikleriň öňüsyrasynda Ak Tamda eden çykyşynda Barak Obama Ysraýylyň we Palestinanyň liderleriniň arasynda durdy. Obama gapma-garşy taraplaryň liderlerini parahatçylyga ýetmek boýunça mümkinçiliklerden el çekmezlige çagyrdy.

Elleşik dabarasynyň yz ýany Netanýahu Abbasy “parahatçylyk boýunça ýaran” diýip atlandyrdy. Ysraýylyň premýer-ministri gepleşikleriň öň ýanynda ýüze çykan “kynçylyklara” garamazdan ABŞ tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk prosesine özüniň gatnaşýanlygyny belläp geçdi.

Barak Obama üstünligiň entek uzakdadygyny boýun aldy, emma gepleşikleriň parahatçylyga bolan umudy güýçlendirýänligini belledi. ABŞ-nyň prezidenti öňde agyr işiň garaşýanlygyny, emma taraplar gepleşik geçirmeseler, öňden bäri dowam edýän konfliktiň uzaga çekip, täze nesilleri hem öz içine almak howpuny döredýänligini belledi we muny ýolberimesiz, diýip atlandyrdy.

Zorluk dowam edýär


Emma parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň öň ýanynda Iordan derýasynyň Günbatar kenarynda ýerleşýän Hewron şäheriniň golaýynda dört ysraýyllynyň öldürilmegi parahatçylyk prosesine kölege saldy. Ysraýyl döwletini ykrar etmeýän we parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere garşy çykyş edýän “Hamas” topary jogapkärçiligi öz üstüne aldy.

Barak Obama parahatçylykly prosese zeper ýetirmek isleýän ekstremistleriň maksadynyň başa barmanlygyny belledi.

“Hamas” hereketiniň ýaragly ganatyny emele getirýän Al-Kassam topary Hewronyň golaýynda ýewreýleriň Kirýat Arba obasynyň ýanyndaky hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Gaza şäherinde “Hamasyň” metbugat wekili Sami Abu Zuhriniň “Reuters” agentligine aýtmagyna görä, adam pidaly hüjüm Ysraýylyň okkupasiýasyna jogap boldy.

Hüjümiň yz ýany Ysraýylyň güýçleri Günbatar kenaryň böleklerini gabawa saldy. Şol bir wagtda-da palestinanyň howpsuzlyk güýçleri onlarça adamy tussag etdi. “Hamas” hereketinden kanun çykaryjy Omar Abdel Razik ýaragly toparlaryň 150-den gowrak agzasynyň gijeki arassalaýyşlarda saklananlygyny habar berdi.

Binýamin Netanýahunyň sözlerine görä, şol waka Ysraýyl tarapynyň howpsuzlyk zerurlyklary üçin barlyşyksyz çäre görmäge ukyplydygyny görkezýär. Ysraýylyň premýer-ministri Ysraýylyň öz raýatlarynyň ganynyň dökülmegine ýol bermejegini we jogapkärleri tapyp, jezandyrjakdygyny yglan etdi.

Ysraýylyň we Palestinanyň ýolbaşçylary 2008-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri ilkinji gezek geçen aýda göni gepleşik geçirmäge razylyk berdiler.
XS
SM
MD
LG