Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda polisiýa edarasyna hüjüm edildi


Kimdir biriniň özüni partlatmagy bilen amala aşyrylan hüjüm Täjigistanda ozal görlen zat däl.
Kimdir biriniň özüni partlatmagy bilen amala aşyrylan hüjüm Täjigistanda ozal görlen zat däl.

Täjik resmileri şu gün maşynly bir hüjümçiniň Hojant şäherinde özüni partladyp, 25 adamy ýaralandygyny aýdýarlar. Wakada azyndan 4 adam heläk boldy.

Kimdir biriniň özüni partlatmagy bilen amala aşyrylan hüjüm Täjigistanda ozal görlen zat däl. Tassyklanan ýagdaýynda bu şular ýaly hüjümiň ilkinjisi bolar.

Içeri işleri ministrliginiň sözçüsi Muhammadjon Nazryýew Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Täjik Gullugyna beren gürrüňinde by hüjümi şeýle suratlandyrdy: “Sogd regionynyň polisiýa edarasynyň guramaçylykly jenaýat bölüminde iki sany polisiýa maşyny içeri girip, derweze ýaňy ýapylyp barýarka, janyndan geçen bir hüjümçi maşynyny batly sürüp gelip, derwezäni süsdürdi. Maşyn partlady”.

Habar gulluklarynyň aýtmagyna görä, bu hadysada hüjümçi ölüpdir. Ýöne Nazryýew bu barada jikme-jik zat aýtmady. Onuň aýtmagyna görä, güýçli partlama polisiýa edarasynyň bir bölegini dargadyp, töwerekdäki jaýlara, şol sanda golaýda ýerleşýän bir keselhana hem zyýan ýetiripdir.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Hojantdaky habarçylary wakanyň bolan ýerine baryp görmäge howpsuzlyk güýçleri tarapyndan özlerine ýol berilmänligini aýdýarlar. Nazryýewiň aýtmagyna görä, Täjigistanyň Içeri işler ministerligi bu wakada gadagan edilen “Özbegistanyň yslamçy hereketi” (ÖYH) bilen baglanyşykly elementleri günäleýär.

“Özbegistanyň yslamçy hereketi”

“Özbegistanyň yslamçy hereketi” 1992-1997-nji ýyllar aralygynda Täjigistanda giden graždanlyk urşunda ol ýere baryp, özüne gaçybatalga tapdy. Onuň ýolbaşçylarynyň ýurduň öňki yslamçy oppozision söweşijileri bilen ýakyn gatnaşygy bardy.

Soňky ýyllarda täjik resmileri ýurtda bolan ençeme hüjümde “Özbegistanyň yslamçy hereketini” günälediler. Olar: “2008-nji we 2009-njy ýylda Isfara şäherinde ençeme polisýa işgäriniň öldürilmeginde bu toparyň eli bar” diýýärler.

2006-njy ýylda Kaýrokum tussaghanasyna hüjüm edildi. Hüjümçiler tussaghananyň başlygyny öldürip, ÖYH-niň ol ýerde saklanýan iki agzasyny boşatdylar. Täjik resmileri bu işde-de özbek yslamçy toparyny jogapkär hasaplaýarlar.

Ýaňy iki hepde mundan ozal 25 adam Duşenbede berk goralýan tussaghanadan gaçdy. Bularyň hem käbiriniň ÖYH bilen ilteşiklidigi aýdylýar. Hojantda bolan hüjüm barada barlag geçirmek üçin ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Amirkul Azymowyň ýolbaşçylygynda komissiýa döredildi.

Täjigistanyň ikinji uly şäheri we Sogd welaýatynyň merkezi bolan Hojant ýurduň paýtagty Duşenbäniň takmynan 350 kilometrlik demirgazygynda ýerlşeýär.
XS
SM
MD
LG