Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Milli goranmak uniwersitetinin professory Aşgabatda


ABŞ-nyň Milli goranmak uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa babatdaky strategik okuwlar merkeziniň professory Rojer Kangas awgustyň 31-den, sentýabryň 10-y aralygynda Türkmenistana sapar edýär diýip, amerikan ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Saparynyň dowamynda Rojer Kangas ABŞ-nyň daşary syýasaty barasynda birnäçe leksiýa okar we duşuşyklar geçirer. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Demokratiýa we adam hukuklary institutynda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, ýurduň Ylymlar akademiýasynda we Goranmak ministrliginde bolar diýlip, habarda aýdylýar.

Doktor Kangas Merkezi Aziýa meseleleri boýunça dünýä meşhur bilermendir.
XS
SM
MD
LG