Sepleriň elýeterliligi

Täjigistandaky partlamada 4 adam heläk boldy


Täjigistanyň Hojant şäherinde bolan partlamada 4 adam heläk boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy habar berdi. Olardan 2 adam Içeri işler ministrliginiň gullukçysy. Hüjümi amala aşyran we ýene bir adam hem heläk boldy. 25 adam ýaralandy.

Hüjümi Guramaçylykly jenaýatçylaga garşy regional edaranyň alnynda janyndan geçen maşyn bilen amala aşyrdy. Ýeňil maşynda goýlan partlaýjy serişde edara jaýyna hem zyýan ýetirdi.

Mundan öňinçä Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 25 sany howply jenaýatçynyň paýtagt Duşanbedäki türmeden gaçandygy sebäpli Içeri işler ministrliginiň birnäçe jogapkär wekilini işden boşadypdy.
XS
SM
MD
LG