Sepleriň elýeterliligi

BMG Rimde galla boýunça maslahat geçirmekçi


BMG-niň Azyk önümleri we oba hojalygy edarasy dünýäde gallanyň häzirki ýagdaýyna alada bildirip, 24-nji sentýabra Rimde ýöreti maslahat geçirmegi göz öňünde tutýar.

Bu edaranyň wekiliniň aýtmagyna görä, dünýäniň birnäçe ýurdy soňky aýlarda gallanyň hem-de galla önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyndan alada edýärler.

Käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, 2008-nji ýyldaky ýagdaýyň ýene gaýtalanmagy mümkin. Şonda azyk önümleriniň bahasy birden ýokary göterilip, birnäçe döwletde bidüzgünçiligiň döremegine sebäp bolupdy.

Mozambikde däne önümleriniň gymmatlamagy bilen baglanyşykly tolgunyşyk eýýäm ýüze çykdy. Ol tolgunyşyk basylyp ýatyrylanda birnäçe adam öldi.

BMG-niň Azyk önümleri we oba hojalygy edarsynyň ýörite maslahat çagyrmak karary Orsýetiň premýer-ministri W.Putiniň gallanyň eksportynyň 2011-nji ýylyň 2-nji ýarymyna çenli gadagan edilýändigi barada eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG