Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan ÝHHG polisiýasy barada maslahatlaşýar


ÝHHG-niň Çaknyşyklaryň öňüni alyş merkeziniň direktory Herbert Salber (çepde) we gyrgyz ilçisi Lýudmila Imanaliýewa, Wena, 2-nji sentýabr 2010-njy ýyl.
ÝHHG-niň Çaknyşyklaryň öňüni alyş merkeziniň direktory Herbert Salber (çepde) we gyrgyz ilçisi Lýudmila Imanaliýewa, Wena, 2-nji sentýabr 2010-njy ýyl.

ÝHHG-niň ýaragsyz polisiýa toparynyň awgust aýynda Gyrgyzystana iberilmegi planlaşdyrylýardy. Emma ÝHHG-niň gözegçi polisiýa missiýasy bu ýurda oktýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryndan soň barar diýip, Gyrgyzystanyň ÝHHG-däki ilçisi Lýudmila Imanaliýewa aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bu barada ÝHHG-niň Çaknyşyklaryň öňüni alyş merkeziniň direktory Herbert Salber bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen ÝHHG-niň Hemişelik geňeşiniň penşenbe güni bolan maslahaty barada gürrüň beräýseňiz?

Herbert Salber: Şu gün biz ÝHHG-niň Hemişelik geňeşinde polisiýa işgärlerinden ybarat geňeşçi toparyň Gyrgyzystandaky işi barada maslahat etdik. Ol barasynda Geňeşiň 22-nji iýuldaky maslahatynda karar kabul edildi. Çünki Gyrgyzystan şeýle toparyň iberilmegini guramadan haýyş etdi.

Häzir bu toparyň Gyrgyzystanda haçan işe başlajakdygy anyk däl. Gyrgyz tarapy polisiýa işgärlerinden ybarat geňeşçi toparyň Gyrgyzystana haçan baryp biljekdigi barada käbir teklipleri etdi. Men geljek hepde Bişkege sapar etmekçi we bular barasynda gyrgyz ýaranlarymyz bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmekçi. Men möhüm sowallar boýunça ylalaşjakdygymyza ynanýaryn. Siz dogry aýdýarsyňyz, şu gün gyrgyz ilçisi toparyň parlament saýlawlaryndan soňra Gyrgyzystana baryp biljekdigini habar berdi. Meniň pikirimçe, biz detallara we bu toparyň mümkingadar tiz wagtyň içinde Gyrgyzystana barmagy üçin nämeleri edip biljekdigimize seretmeli.

Azatlyk Radiosy: Onda bu toparyň haçan Gyrgyzystana barjakdygy entek belli dälmi?

Herbert Salber: Biz bu ugurda gyrgyz tarapy bilen birek-birege düşünişmek jarnamasyna gol goýmak isleýäris. Şol jarnama dolandyryş we adminstrasiýa meseleleri hakynda. Men geljek hepde Bişkege baranymda, hut şol jarnama barasynda hem maslahat etmekçi. Men bu meseläni tiz wagtda çözmegimiziň mümkindigine ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Eger Gyrgyzystan şol toparyň parlament saýlawlaryndan soňra ýurda barmagyny teklip etse, ony ÝHHG-e kabul edermi?


Herbert Salber:
Meniň pikirimçe, geljek hepde boljak gepleşikler ähli meselelere doly garamak üçin möhüm pursat. Men gyrgyz tarapy bilen jemleýji netijä geljekdigimize ynanýaryn. Men saýlawlardan soňa garaşmaly boljakdygymyzy aradan aýyrmaýaryn. Emma biz bulary indiki hepde maslahat ederis. Biz birek-birege düşünişmek, umumy ugry saýlamak prinsipleri boýunça işleşmeli. Şonuň üçinde biziň gyrgyz ýaranlarymyz bilen umumy ugry tapmagymyz gerek.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, parlament saýlawlaryndan soňra düzüljek täze hökümetiň bize ÝHHG-niň geňeşçi toparynyň zerurlygy ýok diýmegi mümkinmi?

Herbert Salber: Şu wagta çenli biziň gyrgyz ýaranlarymyz polisiýa işgärlerinden ybarat geňeşçi topary isleýändiklerine kepil geçýärler. Meniň pikirimçe, bu beýanat üýtgewsiz galýar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, şol topar eýýäm düzüldimi?


Herbert Salber: Biz bu toparyň käbir wekillerini eýýäm saýladyk. Olaryň birnäçesi eýýäm Bişkekde. Olar taýýarlyk işleri bilen meşgullanýarlar. Biziň şol topary örän tiz wagtyň içinde düzmegimiz üçin YHHG-e agza döwletlerden ýeterlik kandidatlarymyz bar.
XS
SM
MD
LG