Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl we Palestina gepleşiklere dowam eder


Klinton iki ýolbaşçyny parahatçylyk boýunça geljege tarap möhüm ädim ädýänligi üçin öwdi.
Klinton iki ýolbaşçyny parahatçylyk boýunça geljege tarap möhüm ädim ädýänligi üçin öwdi.

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillary Klinton hupbatly bolar diýlip garaşylýan üstünligi ABŞ-nyň goldajakdygyny wada etmek bilen, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylyk baradaky göni gepleşikleri açdy.

Waşingtondaky duşuşykda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbasyň arasynda ýer alan Klinton iki ýolbaşçyny parahatçylyk boýunça geljege tarap möhüm ädim ädýänligi üçin öwdi.

“Meniň iki gapdalymda oturan adamlaryň, sizleriň uzak wagtlap ýüreklerde beslenen bu arzuwy hakykata öwürjek ýolbaşçylardygyňyza berk ynanýaryn. Biz size kömek bermek üçin elimizden gelenini ederis” diýip, Hillary Klinton aýtdy.

Klinton soň hem: “Jenap premýer-ministr, jenap prezident, öz halklaryňyzyň arasyndaky bu konflikti, onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän bu duşmançylygy ýok edere bu siziň üçin amatly pursat” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky bu gepleşikler Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda iki ýyldan soň geçirilen ilkinji göni gepleşik bolup durýar.

Agzalalygyň gözbaşy

Ysraýyl bilen palestinalylaryň agzalalygyna sebäp bolýan, beýleki meseleler bilen birlikde, Ysraýylyň jaý gurluşygy, Gazanyň garşysyna girizilen gabaw we iki ýurt çözgüdiniň serhetleri baradaky oňuşmazlyk.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbas ylalaşyga bir ýol tapyp, ikitaraplaýyn, uzak möhletli taryhy antagonizmi aradan aýyrmagy wada etdiler.

“Biz bilelikde öz halklarymyzy konfliktsiz geljege äkidip bilýäris. Ýöne bu aňsat bolmaz. Hakyky, dowamly parahatçylyga iki tarapyň hem muşakgatly eglişikler etmegi gerek bolar” diýip, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu aýtdy.

Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbas hem palestina halkynyň hemmä asudalyk, adalat, howpsuzlyk we bolelinlik getirjek täze döwri arzuwlaýandygyny belläp, Ysraýyly iki möhüm meselede syýasatyny üýtgetmeklige çagyrdy.

“Biz howpsyzlyk we prowokasiýany togtatmak barada üstümize alan borçlarymyza bagly bolup galýandygymyzy tassyklaýarys. Ysraýyl hökümetini hem jaý gurluşygyny, Gaza gabawyny, prowokasiýanyň ähli formalaryny togtatmak bilen, öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmeklige çagyrýarys” diýip, Abbas aýtdy.

Inkär edip bolmajak hakykat

Netanýahu bilen Abbas öz halklarynyň adyndan gürleýändiklerini aýtsalar-da, Ysraýylda hem, Palestinada hem käbir adamlaryň eglişige haýsy görnüşde hem bolsa garşydygy inkär edip bolmajak hakykat.

31-nji awgustda Hamasyň hüjümi netijesinde 4 ysraýyllynyň heläk bolmagy dabara tukatlyk gatdy. Bu söweşiji topar gepleşikler arkaly gelnen her bir ylalaşygy äsgermezlik edip, hüjümlerini dowam etdirjekdigini aýdýar.

Iki tarapdan hem protestçiler Waşingtonda demonstrasiýa geçirdiler. Bir ysraýylly protestçi Bob Kunst özüniň gepleşiklere garşydygyny aýtdy. Ol: “Seni öldürjek bolýan adam bilen ýaraşyk edip bolmaz, ýa sen, ýa olar” diýdi.

Döwlet Deparmentiniň daşynda demonstrasiýa geçiren palestinaly Rifke Beid hem Ysraýyly hilegärlikde aýyplady. “Tel-Awiwiň ýaraşyk isleýäni çyn bolsa, okupasiýany soňlap, gurlan jaýlary söksün, palestina halkyna adam hukuklaryny bersin” diýip, Beid aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbas ýene duşuşmak barada özara ylalaşandyklaryny aýtdylar. Klintonyň hem gatnaşmagynda geçiriljek bu duşuşygyň Müsürde bolmagy ähtimal.
XS
SM
MD
LG