Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow günä geçişlige gol çekdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlaryň günäsini geçmek barada permana gol çekdi.

Prezidentiň gol çeken permanyna laýyklykda 3999 sany iş kesilenleriň günäsi geçildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň çäklerinde jenaýat eden daşary ýurtlaryň raýatlary hem bar. Günäsi geçilen raýatlar Mukaddes Gadyr gijesine çenli öz ojaklaryna baryp gowşarlar.

Mukaddes Gadyr gijesine gabatlap, azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlaryň günäsini geçmek ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowdan bäri dowam edip gelýär. Ýurduň öňki prezidenti bu ýörelgäni mydama dowam etdirmek barada ýörite karar hem kabul edipdi.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe iş kesilenleriň günäsi diňe ýylda bir gezek, ýagny Mukaddes Gadyr gijesine gabatlanyp geçilerdi. Şonda bendilikden on müňe golaý tussaglar azatlyga goýberilerdi. Berdimuhamedow ýurduň prezidentligine saýlanandan soň, günä geçişligi bölekleýin yglan etmek barada teklip bilen çykyş edipdi. Prezidentiň bu çykyşyndan soň, ýurtda günä geçişlik her dürli baýramçylyklara gabatlanyp, tizara geçirilip durulýar.

Olimpiýa şäherjigi gurlup başlanar

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow uly proýektiň başlangyjy üçin karara gol çekdi. Ol karara laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine üç tapgyrdan ybarat bolan «Olimpiýa şäherjiginiň» birinji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony daş-töweregini abadanlaşdyryp ulanmaga doly taýýar edip gurmak şertinde «Polimeks» türk kompaniýasy bilen umumy bahasy 1 milliard 970 million 882 müň amerikan dollary bolan şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu proýektiň gurluşyk işlerine 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda başlanyp, ol 2014-nji ýylyň aprel aýynda doly taýýar edip tabşyrylmalydyr.

Gijigen proýekt

Bahasy tas 2 milliard amerikan dollaryna barabar bolan bu proýektiň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda 2008-nji ýylyň oktýabrynda paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilipdi. Şonda bu taslama 2009-njy ýylda başlamak göz öňünde tutulypdy. Ýöne maliýe meseleler sebäpli onuň gurluşygy bir ýyl yza süýşürildi.

Täze gurulmaly Olimpiýa şäherjigi 157 gektar meýdany tutar. Sebitde iň bir uly sport toplumy boljak Olimpiýa şäherjiginde häzirki zamanyň ähli talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan dünýä derejeli desgalaryň otuza golaýyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerdäki guruljak desgalarda sportuň islendik görnüşi boýunça, şol sanda halkara derejesinde dürli ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG