Sepleriň elýeterliligi

Talyban bilen gepleşik geçirmek üçin Geňeş döredildi


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý talyplar bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek üçin ýörite täze bir Geňeşiň döredilendigini mälim etdi.

Prezident administrasiýasynyň bu barada ýaýradan beýanatynda «Ýokary parahatçylyk Geňeşi» ady bilen döredilen bu täze organyň parahatçylyk ugrundaky çärelerde möhüm ädim bolandygy nygtalýar.

Şeýle hem, beýanatda bu Geňeşiň düzümini gutarnykly tassyklamak üçin şu gün hökümet resmileriniň prezident Karzaý bilen ýörite maslahat geçirendikleri habar berilýär.

Maglumata görä, bu täze Geňeşiň düzümine hökümet resmilerinden daşary, jihädçi toparlaryň we tire-taýpalaryň liderleri, tanymal jemgyýetçilik işgärleri we aýal aktiwistler hem girer.

Şu gün bu wakanyň fonunda Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynyň polisiýa bölüminiň başlygy Abdul Razak Ýakubi welaýatyň Gunduz şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda 5 sany polisiýa işgäriniň ölendigini habar berdi. Wakada ýene 5 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG