Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň ozalky premýer-ministrini keseklediler


Şu gün Irlandiýanyň paýtagty Dublinde urşa garşy protestçiler Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Toni Bleýeri köwüş we ýumurtga bilen keseklediler.

Bu waka Toni Beleýeriň täze çap edilen kitaby üçin gurnalan ilkinji jemgyýetçilik awtograf ýazmak çäresine gatnaşmak üçin onuň Dubliniň merkezi kitap dükanyna baran wagty ýüz berdi.

Kitap dükanynyň öňüne ýygnanan protestçiler Toni Bleýeriň 2003-nji ýylda Yrak urşuny goldap alyp baran syýasatyny ýazgardylar we «eli ganly Bleýer» diýen ýaly şygarlary gygyryşdylar.

Toni Bleýer ýakynda çapdan çykan «A Journey», ýagny, «Syýahat» atly memuar kitabynda özüniň Britaniýa ýolbaşçylyk eden ýyllarynda alyp baran syýasatyny gorap, köpsanly deliller getirýär.

Şu geçen hepdäniň çarşenbe güni çapdan çykan bu kitap Britaniýada iň bir köp satylýan kitaplaryň birine öwrüldi.
XS
SM
MD
LG