Sepleriň elýeterliligi

Dagystandaky partlamada ýokary derejeli resmi ýaralandy


Şu gün Orsýetiň Dagystan respublikasynda amala aşyrylan bomba partlamasynda respublikanyň hökümetiniň milli, dini we daşarky meseleleri boýunça ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bekmurze Bekmurzäýew ýaralandy.

Orsýetiň jenaýaty agtaryş komitetiniň resmileri Bekmurzäýewiň maşynyna berkidilen partlaýyjy enjam arkaly amala aşyrylan bu partlamada onuň sürüjisiniň ölüp, iki sany janpenasynyň hem ýaralanandygyny mälim etdiler.

Häzirki wagt ministr Bekmurze Bekmurzäýewiň ýaraly halda keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG