Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Kuettadaky partlamadan ölenler 65-e ýetdi


Pakistanyň polisiýasy düýn ýurduň Kuetta şäherindäki şaýylaryň dini dabarasy wagtynda amala aşyrylan bomba partlamasynda ölenleriň sanynyň 65-e ýetendigini habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, agyr ýaralananlardan ençemesi öten agşam keselhanalarda aradan çykypdyr.

Şu gün ýerli şaýy toparlarynyň liderleri bu hüjüme protest bildirip, Kuetta şäherinde ähliumumy iş taşlaýyşlygyň yglan edilmegine we mekdepleriň hem ýapylmagyna çagyryş etdiler.

Janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bu ganly hüjüminiň jogapkärçiligini düýn Pakistandaky talyp söweşijileri öz üstlerine aldylar. Ýöne olaryň beýle hüjümi gurnamaklarynyň sebäbi barada anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG