Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda nobatdaky hökümet maslahaty geçirildi


Anna güni Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda halk-hojalygynyň pudaklarynyň käbir meselelerine garaldy. Onda käbir wise-premýerler öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy we geçen 8 aýyň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Bu hökümet maslahatynyň barşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow käbir kararlara-da gol çekdi. Hususan-da, ol Oraza baýramyny bellemekligiň hatyrasyna 10-njy sentýabry dynç alyş güni diýlip yglan edip, bu barada ýörite permana gol çekdi.

Prezident Berdimuhamedow Gadyr gijesine gabatlap Türkmenistanyň türmelerinden 3 müň 999 tussagy möhletinden öň azatlyga goýbermek barada-da permana gol çekdi. Bu ýyl Gadyr gijesi 5-nji sentýabrdan 6-njy sentýabra geçilýän gijä gabat gelýär.

Hökumet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti «Türkmen-awto-ýollary» Döwlet konsernine ýurduň dürli regionlarynda umumy uzynlygy 1 müň 676 kilometr bolan ýol gurluşyk işlerine başlamaklyga-da tabşyryk berip, karar kabul etdi. Bu täze guruljak awtomobil ýollarynyň 1-nji derejeli tehniki görkezijili ýokary hilli ýollar boljakdygy habar berilýär.

Mundan daşary, prezident Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde umumy bahasy 1 milliard 970 million dollardan hem gowrak boljak täze Olimpiýa şäherçesini gurmak baradaky karara-da gol çekdi.

Köp synçylar Türkmenistanda döwletiň serişdeleriniň köplenç ilat üçin gaýragoýulmasyz zerurlyklara sarp edilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG