Sepleriň elýeterliligi

Ylym ösdi. Tehniki progres ösdi. Oýlanyp tapylýan tehnikalaryň hereketi elektrik energiýasyna bagly bolup galdy. Elektrik energiýasyny her bir edara, her bir öýe eltmek üçin sim üstüne sim çekildi. Ondan-oňa çekilýän simler hut möýüň kerebini ýada salýar.

Elektrik simleriniň berkidilýän sütünleriniň düýbündenem agaçlar ekdiler. Örän çalt hem ýokarlygyna ösýän tikenli agaçlar sowet döwründe şäherleriň bezegi hem kölegesidi. Ol agaçlaryň şahalary eriş-argaç bolup, elektrik simleriniň sagyndan-çepinden, aralaryndan ösüp geçýärler. Şemala yranyşyp duran agaçlar elektrik simlerini häli-şindi üzýärler, simleri biri-biri bilen çakyşdyryp, howply otly uçgunlaryň döremegine sebäp bolýarlar.

Agaçlaryň yramagynyň netijesinde üzülýän simleri dakyp ýörmekden lezzet alýarlarmy-nämemi, elektrikler şäher häkimligi bilen dilleşäge-de, sowet döwründen galan, ösmäge örän ukyply, mydama elektrik geçiriji simleri üzüp duran tikenli agaçlary aýyrmagyň ugruna çykaýanoklar. Eger şähere kölege üçin ýa-da owadanlyk üçin agaç gerek bolsa, söwüt, tut, derek ýaly, ýurduň öz içinde mahsus bolan agaçlary ekibem boljak.

Tikenli agaçlar güýçli şemally gijelerde şahalaryny yrap, elektrik simlerini birsyhly üzýärler. Üzülýän simler tä biri görüp, tok edaralaryna habar berýänçä ýere sallanyp ýatýar. Adamlaryň görmejek ýerlerinde-de üzülýän elektrik simleri az bolanok. Üzülýän simleriň üstünden uly adamlar barmasa-da, çaga barýar. Näçe gözegçilikde saklansa-da, çaga diýen zadyň barmaýan ýeri ýok. Olar oýna gyzyp, ene-atalaryň gözünden ýyldyrym çaltlygynda sypyp, bir bela sataşyp bilýärler.

Mysallar ýetik

Bu wakanyň bolanyna heniz gaty kän wagtam geçenok. Ýedi ýaşlaryndaky bir oguljyk öz öýleriniň töweregindäki köçeleriň birinde oýnap ýören halaty ýerde üzülip ýatan simi görýär-de, ylgap baryp, ony almakçy bolýar. Gödek agaçlaryň üzen siminiň beýleki ujy welin esasy elektrik liniýasynda duran eken. Çagajyk simi tutandan, aýylganç çyrlap, dünýe bilen hoşlaşýar.

Aşgabadyň töweregindäki Şor posýologynda düýe bakyp ýören oglanjyk çukuryň içinde üzülip ýatan simi almakçy bolanda, onuň beýleki tarapynyň elektrik liniýasynda durandygyny görmändir. Ol çaga hem tokly simi ellemekden aradan çykýar.

Boljak iş bolansoň, elektriklerem tapylýar, häkimligiň işgärlerem, kanun goraýjylar hem. Ýöne bu zatlara gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle wakalaryň bolmagyndan gaça durmak welin öz wagtynda hiç kimiň ýadyna düşmeýär, ýa-da geleňsizlik edilýär.
Üzülýän simler sebäpli tok urup ölýän çagalaryň, ulularyň başyna düşýän işler hakda näçe mysal getirseňem ýetik. Ýöne mysallary köpeldip, gynanyp oturmadan haýyr ýok. Üzülýän elektrik simleriniň meselesini çözmek hakda gürrüň etmeli.

Gymmat bahaly gurluşyklara derek...

Indi ýurt Garaşsyz boldy. Diňe bir öz ýurdumyzy üpjün etmekde däl, eýsem ençeme daşary ýurtlary hem elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde üstünlikler gazanyp duran elektrik energiýasy ulgamy öz-özüni ödemeýändir öýdüp pikir edip bolmaz. Ösen daşary ýurtlardaky ýaly, elektrik liniýasyny ýerastyndan geçirmegi ýola goýmaga wagt ýetdi.

Ýurt eýýäm ýigrimi ýyl bäri öz gazanjyny özi ýygnaýar. Onuň elinden gazanjyny alýan ýok. Ýöne ähli girdejini gerekmejek hem gymmak bahaly gurluşyklara berip ýörmän, elektrik energiýasynyň, gazyň howpsuzlygyna degişli meselelere-de sarp etmeli. Elektrik liniýalaryny diňe bir paýtagtyň esasy köçelerinde däl, eýsem ähli ýerde ýer astyndan geçer ýaly etmeli. Ula-kiçä howpsuz bolar ýaly etmeli.

Paýtagtyň köp köçelerinde bu iş ýola-da goýlupdyr. Ýöne köp ýerlerde elektrik liniýasy berkidilen sütünleriň düýbünden ýene-de ýere gömlen simler çykyp ýatyr. Kiçiräk çagalaryň ony elläp görmejegine hiç kim kepil geçip bilmez. Nähili gowy başlangyçlar bolsa-da, harsal ýerine ýetirýärler-dä. Ýa-da işi kabul edip alýanlar howlugýarlar, ýa-da işi buýurýanlar howlukdyrýarlar, bilmedik.

Harsallyk bilen edilen iş täzeden düzedilmeli bolýar. Çala geleňsizlik edilende başa ölüm salyp duran elektrik simleri meselesinde işe ak ýürek bilen ýapyşmak gerek.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG