Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejat Ysraýyla ýaňzydyp, haýbat atdy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat ýekşenbe güni gepleşik geçirmek üçin Katara geldi we žurnalistlere, Ysraýyla ýaňzydyp, «Eýrana garşy hüjüm edilmegi sionist gurluşuň köküniň köwlenmegine getirer» diýdi.

Ahmedinejat Yslam respublikasynyň berk hem güýçli gaýtawul bermäge ukybanyň bardygyny aýtdy.

Resmiler Eýranyň lideriniň Katara regional meseleleri maslahatlaşmak, hususan-da Palestinadaky ýagdaý barada Kataryň emiri bilen pikir alyşmak üçin barandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG