Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinanyň prezidenti Abbas Ahmedinejady tankytlaýar


Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň sözçüsi Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň dikeldilen ysraýyl-palestin gepleşikleri barada aýdan sözlerini tankyt etdi.

Ýerli Maan habarlar gullugy sözçi Nabil Abu Rudeýnanyň Ahmedinejat eýran halkyna wekilçilik edýän adam däl, saýlaw netijelerini galplaşdyran we halka basyş edip, häkimiýeti ogurlan adamyň Palestina, onuň prezidenti we wekilleri hakynda gürrüň etmäge haky ýok diýdi.

Abbas we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu 2-nji sentýabrda Waşingtonda duşuşyp, iki ýyla golaý wagtdan soň ilkinji göni gepleşiklere girişipdiler.

Ahmedinejat Tähranda juma namazyna gelen adamlaryň öňünde bu tagallalaryň netijesizdigini, Palestinanyň gelejeginiň Waşingtonda, Londonda ýa Parižde kesgitlenmeli däldigini aýdyp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG