Sepleriň elýeterliligi

Watikan diplomatik kanallar arkaly Eýrana basyş edýär


Watikan şu gün zynada aýyplanan aýaly halas etmek üçin Eýrana diplomatik kanallar arkaly basyş edýändigini aýtdy.

43 ýaşly Sakine Mohammedi Aştiani iki çaganyň enesi bolup, nikadan daşary jynsy gatnaşyk üçin daşlanyp öldürilmäge höküm edildi.

Onuň aklawçysy ýurtdan gaçyp çykdy.

Biraz öň Braziliýa bu aýala gaçybatalaga teklip etdi, emma Eýran bu teklibi ret etdi.

Katolik ybadathanasy ölüm jezasyna garşy durýar.
XS
SM
MD
LG