Sepleriň elýeterliligi

Günorta Ýemendäki hüjümde 6 adam öldi


Günorta Ýemendäki howpsuzlyk resmileri separatistleriň harby berkitmä hüjüm etmegi netijesinde 6 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Ölenleriň ikisi hüjümçi, dördüsi bolsa esger.

Resmiler bu hüjümiň şenbe güni, Habaleýin şäheriniň günortasyndaky Rabwa sebitinde bolandygyny aýdýarlar.

Separatist güýçler bilen hökümet goşunlarynyň arasyndaky üzlem-saplam çaknyşyklar tutuş gije dowam edipdir.
XS
SM
MD
LG