Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda edilen hüjümde 12 adam öldi


Yrak harbylary ýekşenbe güni janyndan geçen bombaçynyň we ýaraglary adamlaryň hüjümi netijesinde 12 adamyň, şol sanda 5 esgeriň öldürilendigini aýtdylar.

Bu hüjüm goşunçylyga alynýan merkeze edilipdir.

Yragyň harby sözçüsi, general maýor Kassim al-Mossawiniň ýaýradan beýanatynda azyndan 36 adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.

Polisiýa hüjümiň Rusafa harby bazasynyň binasynyň ýanynda ulag-bombanyň partlamagy bilen başlandygyny, soň ýaragly adamlaryň Bagdadyň merkezinde 15 minut çemesi atyşyga girendigini aýdýar.

17-nji awgustda bu ýerde 59 adam öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG