Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ogurlanan ýapon žurnalisti azat edildi


Ýapon mediýasy owgan talybany tarapyndan ogurlanan ýapon žurnalistiniň 5 aýlyk ýesirlikden soň ýekşenbe güni boşadylandygyny aýdýar.

Jiji Pres habar gullugy Kosuke Tsunekonyň boşadylandygyny diplomatlara salgylanyp habar berdi. Ol aprel aýynda demirgazyk Owganystanda ýitirim bolupdy. .

Häzir žurnalistiň Kabuldaky ýapon ilçihanasyndadygy aýdylýar.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi bu habar barada bir zat aýtmakdan boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG