Sepleriň elýeterliligi

Kabul bankynyň öňi ýene müşderiden doldy


Kabuldaky iň uly bankyň, hususy eýeçilikdäki Kabul bankynyň öňi ýene müşderiden doldy. Olar amerikan gazetinden çykan korrupsiýa gürrüňlerinden soň öz bankda goýan pullaryny yzyna almak isleýärler.

Daş işiginde bronly maşynlaryň goýulmagy bilen, Kabul bankynyň baş edarasynyň daşynda howpsuzlyk berkidilene meňzeýär.

Müşderileriň köpüsi banka ynamlarynyň gaçandygyny aýdýarlar. Ýöne olaryň käbiri Eýd baýramyny bellemek üçin biraz nagt pul almakçydygyny gürrüň berýär.

Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygy Abdul Kadir Fitrat geçen hepde “The New York Times” we “Wall Street Journal” gazetinde uly derejeli korrupsiýa habarlary çykaly bäri Kabul bankynda pul goýan adamlaryň pullarynyň ygtybarlydygyny ynandyrmaga çalyşýar.
XS
SM
MD
LG