Sepleriň elýeterliligi

Dagystan partlamasynda azyndan 3 adam öldi


Ýerli resmiler Demirgazyk Kawkaz respublikasynda janyndan geçen bombaçynyň hüjümi netijesinde azyndan üç rus esgeriniň ölendigini, 30 çemesi esgeriň bolsa ýaradar bolandygyny aýdýarlar.

Bombaçy harbylary nyşana alypdyr.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Wýaçeslaw Gasanow hüjümçiniň partlaýjy ýüklenen maşyny esgerleriň Buýnaksk şäheriniň golaýynda lager gurýan ýerine golaý sürendigini, onsoň esgerleriň ony oka tutandygyny aýdýar.

Şondan soň ol bombaçy harby maşyny kakyp partlapdyr.
XS
SM
MD
LG