Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýada ETA partiýasy söweşi bes edýändigini aýdýar


Ispaniýada esasy syýasy partiýalaryň wekilleri separatistik ETA partiýasynyň söweşi bes edýändigi baradaky beýannamasynyň ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Häkimiýet başyndaky sosialistik partiýanyň täsirli agzalarynyň biri Leýre Pahin “ETA partiýasy ýaragly göreşden hemişelik el çekýändigini yglan etmeli, muňa ispaniýalylar garaşýar” diýdi.

Garaşsyz basklar döwletini Ispaniýanyň we Fransiýanyň belli bir böleginde döretmek isleýän ETA toparynyň bu beýannamasy bazar güni aýan boldy.

Separatistleriň sözlerine görä, öz ideallary ugrunda olar mundan beýläk diňe demokratik ýollar bilen göreşmekçi.
XS
SM
MD
LG