Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watikan Aştiýanyny halas etmäge synanyşmakçy


Halkara derejesinde görkezilen gysyş netijesinde Eýran häkimiýetleri Aştiýanynyň hökümini ýerine ýetirmegi wagtlaýyn togtatdylar.
Halkara derejesinde görkezilen gysyş netijesinde Eýran häkimiýetleri Aştiýanynyň hökümini ýerine ýetirmegi wagtlaýyn togtatdylar.

Watikan Sakineh Muhammadi Aştiýanyny ölümden gutarmak üçin özüniň ahlak abraýyndan peýdalanmagynyň mümkindigini aýdýar. Aştiýany Eýranda zyna edenlikde günäli bilnip, sud tarapyndan daşlanyp öldürilmeli edilen aýal. Ol häzir Töwriz türmesinde saklanýar.

5-nji sentýabrda Watikanyň sözçüsi bu barada beren ilkinji beýanatynda bir adamy daşlap öldürmekligi ölüm jezasynyň iň bir zabun formasy diýip ýazgaryp, Watikanyň aram diplomatiýadan peýdalanyp, eýran häkimiýetlerine täsir etmäge synanyşjakdygyny duýdurdy.

Federiko Lombardy öz beýanatynda Watikanyň bu meseläni gyzyklanma bilen yzarlaýandygyny bildirdi. Soňam ol: “Gumanitar meselelerde ýaraşykly ýollar bilen ara goşulmaklyk soralanda, geçmişde ençeme gezek edişi ýaly, Watikan bu işi edýär. Ýöne ol muny açyk edenok-da, diplomatik ýollardan peýdalanýar” diýdi.

Bu beýanatdan öň Aştiýanynyň ogly Sajad Gaderzadeh Italiýanyň habar agentligi Adnkronosa öz ejesini ölümden halas etmekleri üçin kömek sorap, Rim papasy bilen italiýan hökümetine ýüz tutandygyny aýdypdy. Gaderzadäniň 4-nji sentýabrda media aýtmagyna görä, Britainiýanyň “The Times” gazetinde başy bürenjeksiz suraty ýerleşdirilendigi üçin Aştiýany 99 dürre zarbasyna höküm edilipdir.

“The Times” gazeti ilki bu suraty Aştiýanynyň öňki adwokaty Mohammad Mostafaýydan alandygyny aýdypdy. Ýöne gazet soňra bu suratyň başga bir aýalyň suratydygyny aýdyp, ötünç sorady.

Gaderzadeh bu 99 gamçy hökümini ejesi bilen bir türmede oturan beýleki tussaglardan eşidipdir. Ýöne ol bu hökümiň ýerine ýetirilendigini tassaklap bilenok.

Synanyşyk

Rim papasy Benedikt XVI
Rim papasynyň ara goşulmak mümkinçiligi Aştiýanyny daşlanyp öldürilmekden halas etmek üçin synanyşyk. Ozal Braziliýanyň prezidenti Luiz Inaçio Lula da Silwa hem bu 43 ýaşly aýala Braziliýada başpena berjekdigini aýdypdy.

Aştiýany, ilki adamsy aradan çykansoň, iki erkek bilen bikanun gatnaşykda bolandygy üçin 99 dürre urmaga höküm edilipdi. Ýöne soňra başga bir sudda garşysyna gaýtadan iş gozgalyp, ol zyna edenlikde günäli bilnip, daşlanyp öldürilmeli edildi. Eýran mediasynda aýdylyşyna görä, Aştiýany öz adamsynyň öldürilmeginde hem eliniň bolandygyny boýun alypdyr.

Halkara derejesinde görkezilen gysyş netijesinde Eýran häkimiýetleri Aştiýanynyň hökümini ýerine ýetirmegi wagtlaýyn togtatdylar. Ýöne onuň dardan asylyp öldürilmek howpy ýok däl.

Aştiýany meselesi Eýran bilen Fransiýanyň arasynda hem diplomatik agzalalyga getirdi. Muňa sebäp bolan zat – Eýranyň konserwatiw gazeti “Keýhanyň” Fransiýanyň prezidenti Nikola Sarkozynyň Aştiýanynyň tarapyny tutup, protest petisiýasyna gol çeken aýaly Karla Bruni-Sakozyny “jelep” diýip, kemsitmegi boldy.
XS
SM
MD
LG