Sepleriň elýeterliligi

Türkmen parlamentiniň agzalary we parlamentiň işgärleri üçin ÝHHG-niň arka durmagynda kurslar tapgyry geçirildi. Şol kurslaryň temasy – kanun döretmek boýunça professional derejäni ýokarlandyrmak.

Soňky üç günlük kurs geçen hepde tamamlandy. Ol kanun proýektlerini taýýarlamak, kanun döretmek prosesiniň häzirki zaman baş prinsipleri ýaly temalary öz içine aldy. Olaryň arasynda proýekt ýazmagyň döwürleri, kanunlary maslahatlaşmak we tassyklamak ýaly prosesler hem bar.

Kursuň diňleýjileri häzirki zaman demokratik parlamentarizminiň esasy bölümleri, kabul edilýän kanunlaryň analizi we baha bermek, kanunlaryň döredilmegine köpçülikleýin habar serişdeleriniň hem jemgyýetiň gatnaşygy boýunça leksiýalary diňlediler. Kurslarda gozgalan meseleleriň sanawam şeýle seminarlaryň örän ähmiýetlidigini görkezýär.

Eger türkmen parlamentçileriniň eşiden zatlaryny Mejlisiň gündelik durmuşyna ornaşdyryp bolsa, häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy goşmaça bäsdeşlige ukyply, teklipçilik häsiýetine eýe bolardy. Ýöne bir sorag açyklygyna galýar: Türkmenistanda häkimiýet boýunça prezident häkimiýeti Mejlise bäsdeş bolmaga näderejede rugsat, mümkinçilik berer?

Eger ol ahyrsoňy durmuşda, iş ýüzünde amala aşyp ugrasa, prezidenti deputatlary aktiw bolmaga häli-şindi çagyrmakdan halas eder. Parlamentçileriň özem real jogapkärçilik duýar, olar hökümetiň çykarýan ähli kararlaryny makullap oturan häkimiýetiň ýumuş oglany bolmakdan gutular.

Parlamentde çekişmeleriň bolmagy, oňa habar serişdeleriniň aktiw gatnaşmagy kanun döretmäge goşmaça itergi berer, bular barasynda ÝHHG-niň seminarlarynda gürrüň edildi. Şeýle ýagdaýda kanunlar häkimiýetiň az sanly toparynyň gelen kararynyň önümi bolmaz.

Kanunçylyk prosesine has uly gyzyklanma bilen goşulsalar, ol kanunlaryň formal taýdan ýazylýan zada öwrülmezligine kepil bolar. Şol formallykda bolsa jemgyýetiň we döwletiň durmuşy bilen hiç hili umumylyk ýok. Owadan kanunlaryň döredilen, ýöne olary hiç kimiň ýerine ýetirmedik halatlary geçmişde bolupdy. Häkimiýetleriň özi öz çykaran kanunlaryny äsgermezlik edýärdi.

Taryha ser salsak

1936-njy ýylda kabul edilen Stalin Konstitusiýasyny alyp göreli. Onuň mazmuny adamsöýüjilik we demokratiýa boýunça dünýä göreldedi. Bir ýyl geçenden soň, häkimiýet şol kanunyň ady bilen köpçülikleýin terrora ýüz urdy. 1937-nji ýyl Orsýetiň, SSSR-iň taryhynda iň ganly ýyl diýlip atlandyrylýar.

Esasan S.Nyýazow döwründe düýbi tutulan şu günki türkmen hakykatynda-da türkmen kanunçylygynyň harpyna hem ruhuna ters gelýän taraplar bar. Mysal üçin, Türkmenistanyň Konstitusiýasam, Jenaýat kodeksiniň kanunlar toplumam ýurdy daşarky dünýäden üzňeleşdirmegi ündemeýär, o barasynda hiç zat aýdylmaýar.

Häzirki doly maglumat ýapyklygy barasynda-da kelam agyz söz ýok. Sebäbi şu hem beýleki köp ýagdaýlar kanunlar boýunça kadalaşdyrylmaýar, ol içerki görkezmeler, buýruklar esasynda ýerine ýetirilýär. Hut şonuň ýaly aktlar esasynda häkimiýetler tarapyndan kesgitlenýän real çäklendiriji sistema döredilýär.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Arsim Zakolli demokratik parlamenti pugtalandyrmaga kanunçylyk boýunça kurslaryň ýardam etjekdigine ynanýar.

Kursuň dokladçylarynyň biri - orsýetli ekspert Daniil Çuhwiçewiň sözlerine görä, şeýle okuwlar kanunlar döredilende häzirki zaman konsepsiýalaryny Türkmenistan üçin ulanmaga real mümkinçilikler döreder. Mahlasy, şol mümkinçilikden häkimietleriň neneňsi peýdalanjakdygy tiz wagtdan belli bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG