Sepleriň elýeterliligi

Wolgogradyň üç sany ýokary derejeli resmisi işden çekildi


Orsýetiň merkezi regionlarynda ýakynda ýüze çykan ýangyn heläkçilikleriniň yzy bilen şu gün Orsýetiň Wolgograd oblastynyň üç sany ýokary derejeli resmisi öz wezipelerinden çekildiler.

Hususan-da, prezident Dmitriý Medwedewiň bu barada düýnki eden ýiti tankytlarynyň yzy bilen, şu gün Wolgograd oblastynyň gubernatorynyň bir orunbasary hem-de şäheriň iki raýonynyň ýolbaşçysy öz wezipelerinden çekilýändiklerini yglan etdiler.

Geçen hepde Wolgograd oblastynda ýüze çykan güýçli tokaý ýangynlarynda onlarça obalaryň jaýlary ýanyp, 8 adam bu ýangynlaryň pidasy bolupdy.
XS
SM
MD
LG