Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowadaky referendum kanuny güýje eýe bolmaz


Düýn Moldowada ýurduň konstitusiýasyna käbir üýtgetmeleri girizmek boýunça geçirilen referendumda ses berijileriň sanynyň juda az bolandygy üçin onuň netijeleri kanuny güýje eýe bolmaz diýlip hasaplanylýar.

Moldowanyň Merkezi Saýlaw komissiýasynyň sekretary Iuriýe Çiokan ýekşenbe güni geçirilen bu referenduma ses bermäge hukukly ilatyň bary-ýogy 30 prosente golaýynyň gatnaşandygyny aýtdy.

Ýurduň kanunyna görä bolsa, referendumyň netijesiniň kanuny güýje eýe bolmagy üçin ses bermäge hukukly ilatyň azyndan 33 prosentiniň ses bermegi talap edilýär.

Bu referendumda konstitusiýa girizilen käbir beýleki üýtgetmeler bilen birlikde, Moldowanyň prezidentini ähliumumy saýlawlar esasynda saýlamak düzgüni hem sese goýlupdy. Häzirki konstitusiýa görä bolsa, ýurduň prezidenti diňe parlament tarapyndan saýlanylýar.

Ýöne soňky parlament saýlawlaryndan bäri 1.5 ýylyň geçendigine garamazdan, Molodowanyň parlamenti dowam edýän ylalaşmazlyklar sebäpli henizem ýurduň prezidentini saýlap bilmän gelýär.
XS
SM
MD
LG