Sepleriň elýeterliligi

Rumyn instituty Berdimuhamedowy «ýylyň şahsyýeti» hasaplaýar


Düýn Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri Rumyniýadaky bir institutyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «ýylyň şahsyýeti» diýen at bermek barada karar kabul edendigini habar berdiler.

Türkmenistanyň resmi çeşmeleri şeýle kararyň, hususan-da, Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýanyndaky Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyklar baradaky institutyň Ýerine ýetiriji Komiteti tarapyndan kabul edilendigini habar berýärler we muny türkmen prezidentine berlen halkara laureatlyk ady hökmünde teswirleýärler.

Ýöne Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Moldowan gullugynyň maglumatyna görä, Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýanyndaky bu institut iki sany milletçilik meýilli syýasatçy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän we Rumyniýada kän bir tanalmaýan hususy institut bolup durýar.

Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda-da meýletinlik bilen agza bolunýan Akademiýalara onuň agza bolmagy ýaly wakalar hem Nyýazowyň «abraýynyň» halkara derejesinde ykrar edilmesi ýaly görnüşlerde suratlandyrylyp gelnipdi.
XS
SM
MD
LG