Sepleriň elýeterliligi

“Nabukko” bir ädim öňe gitdi, emma proýekt gijigýär


"Nabukko" turbalarynyň iň soňky barjak stansiýasy "Baumgarten", Wena.

"Nabukko" turbalarynyň iň soňky barjak stansiýasy "Baumgarten", Wena.

Duşenbe güni “Nabukko” konsorsiumynyň paýdarlary - Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (EBRD), Ýewropanyň maýa goýum banky (EIB), Bütindünýä banky toparynyň agzasy bolan Halkara maliýe korporasiýasy (IFC) mandata gol çekişdiler.

Halkara maliýe gurluşlary (IFI) tarapyndan resminama gol goýulmagy “Nabukko” proýekti boýunça karar alyş prosesiniň başlangyjynyň alamaty, bu €4 millarda çenli maliýe goldawynyň berilmegi üçin zerur ädim diýlip, “Nabukko” konsorsiumynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Potensial maliýe goldawy üçin Ýewropanyň maýa goýum banky €2 milliarda çenli, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky €1,2 milliarda çenli we Halkara maliýe korporasiýasy €800 milliona çenli goşant goşar diýlip, habar berilýär. Deslapky hasaplamalara görä, proýektiň umumy çykdajysy €7,9 milliard.

Gol çekilen mandat üç sany maliýe gurluşynyň “Nabukko” proýekti boýunça degişli hasaplamalary geçiriş şertlerini resmileşdirýär we potensial maliýeleşdiriş derejesiniň görkezijisini kesgitleýär. Şeýle hem bu dokument proýektiň maliýeleşdirilmegi boýunça ahyrky kararyň alynmagy üçin zerur bolan wezipeleri öňde goýýar.

Üç sany halkara maliýe gurluşynyň proýekte gatnaşmagy “Nabukko” gaz geçirijisine bolan global we ýewropa goldawyny görkezýär we bu proýektiň maliýeleşdirilmeginiň kepili üçin möhüm öňegidişlik diýip, “Nabukko” konsorsiumy hasap edýär.

Beýanatda aýdylmagyna görä, halkara maliýe gurluşlarynyň eýýämden proýekte gatnaşyp başlamagy daşky gurşaw we sosial töwekgelçilikleriň barlagy we muňa degişli çäreler boýunça iň ýokary standartlaryň göz öňüne tutulmagy üçin itergi bolar. Şeýle hem proýekt boýunça işler geçirilende munuň kommersiýa, sosial we daşky gurşaw ugurlary içgin gözden geçiriler.

Proýektiň hasaplamalary tamamlanandan soň, maliýeleşdiriş usuly agzalýan halkara maliýe gurluşlarynyň dolandyryjy edaralary tarapyndan tassyklanmaly bolar. Halkara maliýe gurluşlary “Nabukko” proýekti boýunça hasaplamalara başlandan soň, maýa goýum ätiýaçlandyryş agentlikleri we halkara banklar hem şeýle çärelere girişerler. 2011-nji ýylda bolsa potensial karz berijileriň ähtnama gol çekmekleri soralar.

“Nabukko” gaz geçirijisi boýunça geçen aýyň ahyrynda hem öňe gidişlik gazanyldy. Proýektiň paýdarlarynyň Dolanyryjy Geňeşiniň Ankaradaky duşuşygynda gaz geçirijiniň goşmaça marşrutlarynyň täzelenmegi boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Duşuşykda Türkiýe-Gürjüstan we Türkiýe-Yrak serhetlerine tarap çekiljek goşmaça gaz geçirijileriň marşruty tassyklandy we olaryň tehniki-inženerlik işleriniň başlanmagyna görkezme berildi. Häzirki syýasy ýagdaýlar sebäpli, “Nabukko” konsorsiumy Türkiýe-Eýran serhedine tarap üçünji marşruty ýola goýmakdan ýüz öwürdi.

“Nabukko”gazgeçirijisiniň uzynlygy 3,300 kilometre barabar bolup, munuň agramly bölegi – 2,730 kilometri Türkiýäniň üstünden geçýär. Öňki plana görä, gurluşyk 2011-nji ýylda başlanyp, proýektiň esasy bölegi 2015-nji ýylda tamamlanmalydy. Emma munuň gurluşygynyň başlanjak wagty 2012-nji ýyla süýşürildi. Bu barada “Nabukko” konsorsiumynyň resmi maglumatlarynda görkezilýär.

Orsýetiň pozisiýasy

Şol bir wagtyň özünde, duşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Wladimir Putin “Nabukko” proýektine bäsdeş hasaplanýan “Demirgazyk akym” proýektiniň “Günorta akym” proýekti ýaly tiz guruljakdygyna wada berdi. Bu barada Orsýetiň metbugatlary habar berýär.

Orsýetiň premýer-ministri W.Putin
“Biz eýýäm Baltika deňziniň astyndan geçýän gez geçirijiniň gurluşygyna başladyk. Öňümizdäki ýyl bu turbadan gaz akyp başlar. Biz hemme zady çalt edýäris, “Demirgazyk akymy” hem şeýle tiz ederis” diýip, W.Putin Türkiýäniň Halkara gatnaşyklar we strategiki barlaglar boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Sinan Ogany ynandyrdy. Gürrüňdeşlik “Waldaý” atly diskussiýa toparynyň duşuşygynda bolup geçdi.

Premýer-ministr W.Putin “Nabukko” proýektiniň durmuşa geçiriljekdigine känbir ynanmaýar: “Bu proýektiň esasy kynçylygy – wada edilýän gazyň üpjün ediljekdigine kepillik ýok. Turbany dolduryp biljek çeşme ýok” – diýip, W.Putin aýtdy. “Orsýet o ýere hiç hili gaz akdyrmaz. Eýranda degişli gaz ýataklary özleşdirilmedi. Azerbaýjanyň tebigy gaz gorlary az, şeýle hem ol Orsýete gaz ibermek barada ylalaşyga gol çekdi”.

Soňra W.Putin Türkmenistana degip geçdi: “Türkmenistan hem bar, ýöne onuň mümkinçilikleri entek belli däl. Sebäbi Türkmenistandan Hytaýa 30 milliard kub metrlik gaz akdyrjak marşrut bar” diýip, W.Putin belledi. “Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň territorial bölünişigi boýunça dawa hem bar. Şu şertlerde sistemany ýola goýmak, meniň pikirimçe, kyn. Eger mümkin däl diýmek bolmaýan bolsa, men örän sypaýy dil bilen aýdýaryn” diýip, W. Putin nygtady.

Putiniň pikiriçe, bu agzalan problemalar "Nabukko" proýektiniň durmuşa geçirilmek ähtimallygyna ullakan sorag alamatyny goýýar”. “Emma uzakmöhletleýin ylalaşyga gol çekişmezden milliardlarça puly maýa goýmaga taýýar kompaniýalar bar bolsa, teoretiki taýdan seredeniňde, bu proýektiň durumuşa geçirilmeginiň mümkindigini aradan aýyrmaýaryn” diýip, W.Putin aýlawly gürledi.

ÝB tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektiniň gaz bilen üpjün edilmegi belli bir derejede Türkmenistana hem bagly bolup durýar. Ýyllyk 31 millard kubmetrlik tebigy gazy Ýewropa akdyrjak turbalara Türkmenistanyň ýyllyk 10 millard kubmetrlik tebigy gaz akdyrmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG