Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz kärdeşler arkalaşyklary ählumumy iş taşlaýyş geçirer


Şu gün Fransiýanyň kärdeşler arkalaşyklary pensiýa ýaşyny iki ýyl artdyryp, 62 ýaşa ýetirmek boýunça hökümetiň planlaryna garşy ählumumy iş taşlaýyş geçirerler.

Tutuş ýurt boýunça bu aksiýa ýüzlerçe müň adamyň gatnaşjakdygyny ony gurnaýjylar aýdýarlar. Iş taşlaýyş bilen bagly aeroportlaryň, demirýoluň, jemgyýetçilik transportunyň iş düzgüni bozular.

Hepdäniň duşenbe gününden bäri Fransiýada mugallymlar iş taşlaýşy dowam etdirýärler. Olar bilim pudagynda köpçülikleýin iş orunlarynyň gysgaldylmagyna hem taýýarlyk görülýän reformalara protest bildirýärler.
XS
SM
MD
LG