Sepleriň elýeterliligi

Putiniň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp-gatnaşmajagy "belli däl"


Orsýetiň premýer-ministri W.Putin 2012-nji ýylda ýurtda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşyp-gatnaşmajagy barada anyk karara gelmändigini aýtdy.

“Waldaý” klubyna gatnaşyjylar bilen Soçide geçiren duşuşygynda Putin geljekki saýlawlar kampaniýasy barada gürrüň ederden heniz irdigini, köp zadyň şol wagt ýurtdaky ýagdaýa hem saýlawlar ýakynlaşanda jemgyýetiň keýpine bagly boljakdygyny belledi.

2012-nji ýyldan Orsýetde prezident häzirki ýaly dört ýyllyk däl-de alty ýyl möhlet bilen saýlanar. Şol bir adam öňküleri ýaly yzly-yzyna iki möhletden artyk prezident saýlanyp bilmez.
XS
SM
MD
LG