Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň prezidenti kongresmenlere çagyryş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama amerikan kanun çykaryjylaryny ýurduň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça plany goldamaga çagyrdy.

Prezidentiň sözlerine görä, şol plan beýleki çäreler bilen bir hatarda işsizligiň derejesini peseltmäge ýardam eder.

Zähmet güni mynasibetli Wiskonsin ştatyndaky dabaralara gatnaşan Obama eden çykyşynda ýakyn alty ýylda täze demirýollary, awtoýollary, aeroportlary hem beýleki obýektleri gurmak üçin 50 milliard töweregi dollaryň gerek boljakdygyny aýtdy.

Prezident planynyň kongresmenler tarapyndan kabul edilmek perspektiwasyny kommentirlemek bilen ekspertler býujet ýetmezçiliginiň ösmek howpuny belleýärler.
XS
SM
MD
LG