Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky partlamada 17 adam heläk boldy


Pakistanyň demirgazyk–günbatarynda janyndan geçeniň polisiýa edarasyna eden hüjüminde 17 adam heläk boldy, 40 gowrak adam ýaralandy. Ölenleriň arasynda dört çaga bar.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, janyndan geçen Lakki-Marwat şäherinde maşyn bilen polisiýa edarasynyň derwezesine gelip urupdyr. Ölenleriň aglabasy polisiýa işgärleri.

Bu Pakistanda eýýäm soňky hepdede bolan üçünji uly terroristik aktdyr.

Geçen hepde Lahor we Kwetta şäherlerinde bolan teraktlarda ýüz töweregi adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG