Sepleriň elýeterliligi

HAEG Eýran barada gizlin doklad çap etdi


Halkara atom energiýasy gullugy (HAEG) Eýranyň ýadro işlerini barlamak bilen bagly gitdigiçe uly kynçylyklar çekýär. Mazmuny eýýäm ençeme agentlige mälim bolan HAEG-niň gizlin dokladyndan şeýle netije çykýar.

Şol dokumente laýyklykda Tähran öňküleri ýaly agentlik bilen hyzmatdaşlyga ýeterlik derejede taýýardygyny belli etmeýär, urany baýlaşdyrmagy bes etmek barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň talabyny ýerine ýetirmeýär.

Ýakynda Eýranyň häkimiýetleri ýurduň ýadro obýektlerine gözegçilikden HAEG-niň iki inspektoryny çetleşdirdi, şol iki spesialist eýran alymlarynyň gizlin geçiren iki eksperimenti barada habar beripdi.

ABŞ MAGATE-niň Eýran boýunça bu dokladynyň alada döredýändigini öňe sürýär. Ak Tamyň resmi wekili Tommi Wietor “Bu doklad Eýranyň ýadro boýunça alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürýändigini, özüniň ýadro programmasyny giňeldip, ýadro ýaragyna eýe bolmak boýunça tagallalaryny dowam etdirýändigini görkezýär” diýdi.
XS
SM
MD
LG