Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG we Ýewroparlament Belarusa çagyryş etdi


ÝHHG-niň wekili Dunýa Miýatowiç belli oppozision žurnalist Aleh Býabeniniň ölümi bilen bagly garaşsyz derňewler geçirmäge Belarus häkimiýetlerini çagyrdy. Bu ýagdaýyň Belarusyň köpçülikleýin habar serişdelerine ýaramaz täsir etirip biljekdigi onuň beýannamasynda bellenýär.

Mundan öň Ýewroparlamentiň wekili Ýeži Buzek Belarus hökümetini žurnalistiň ölümi baradaky ýagdaýy dykgat bilen açyk derňeirmäge çagyrypdy.

Aleh Býabenin “Hartiýa-97” atly oppozision saýty esaslandyryjy we onuň ýolbaşçysydy. Onuň jesedi geçen hepdäniň anna güni Minskiň etegindäki daçasynda tapyldy.
XS
SM
MD
LG