Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň DIM-i eýranly aýaly halas etmekçi


Fransiýanyň daşary işler ministri Bernar Kuşner ärine biwepalykda aýyplanyp, Eýranda ölüm jezasyna höküm edilen aýaly halas etmek üçin elde baryny etmäge taýýardygyny aýtdy.

Kuşner düýn ölüme höküm edilen zenanyň aklawçysy bilen Pariždäki duşuşygyndan soň çykyş etdi.

Eýran häkimiýetleri halkara jemgyýetçiliginiň gysyşlary netijesinde iki çaganyň enesi, 43 ýaşly aýaly daşlap öldürmek baradaky hökümini ýatyrdy. Ýöne ol biçärä asyp öldürmek howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG