Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada hökümet agzalarynyň käbiri çalşyryldy


Gresiýanyň premýer-ministri Georgios Papandreu hökümetiň düzüminde kadrlar çalşygynyň geçirilendigini yglan etdi.

Grek hökümetinde zähmet, ykdysady ösüş, saglygy saklaýyş, oba hojalyk ministrleri çalşyldy.

Şeýle kararyň kabul edilmegi agyr maliýe krizisini aradan aýyrmakda hökümetden netijeli hereketler gazanmaga synanyşyk bilen baglydyr.

Sosialistleriň baştutanlyk edýän administrasiýasynyň bu hereketini eýýäm “Täze demokratiýa” atly oppozision partiýa tankyt etdi we ministrleriň häzirki çalşygyny hökümetiň güýçsüzligine şaýatnama diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG