Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň tanymal žurnalisti jaýlandy


36 ýaşly Aleh Býabeniniň ýakyn dostlary we egindeşleri onuň özüni asyp öldurmegi üçin hiç hili esasyň bolmandygyny öňe sürýärler.
36 ýaşly Aleh Býabeniniň ýakyn dostlary we egindeşleri onuň özüni asyp öldurmegi üçin hiç hili esasyň bolmandygyny öňe sürýärler.

6-njy sentýabrda Belarusyň paýtagty Minskde tanymal oppozision žurnalist Aleh Býabeniniň jaýlanyş üýşmeleňi boldy.

Şol wakadan üç gün öň, 3-nji sentýabrda Aleh Býabeniniň jesedi Minsk şäheriniň etegindäki öz daçasynda syrtmakdan asylgy ýagdaýda tapylypdy.

Žurnalist Býabeniniň egindeşlikde döreden we dolandyryp gelen «Çarter97.org» atly saýty ýurduň hökümeti barada ýiti tankydy materiallary bilen tanalýan saýtlardan biri hasaplanylýar.

Belarusyň prokuratura işgärleri žurnalistiň jesedini öwrenmek boýunça geçirilen barlaglaryň onuň özüni asyp öldüren bolmagynyň mümkindigini görkezýändigini aýtdylar. Emma 36 ýaşly Aleh Býabeniniň ýakyn dostlary we egindeşleri onuň özüni asyp öldurmegi üçin hiç hili esasyň bolmandygyny öňe sürýärler.

«Çarter97.org» saýtynyň koordinatory Zmitser Bandarenka organ işgärlerini Aleh Býabeniniň anyk ölen wagtyny galplaşdyryp görkezenlikde aýyplaýar. Ol Býabeniniň ölümi barada milisiýanyň we prokuratura işgärleriniň öz dokumentlerinde görkezýän wagtynyň medisina sprawkasynda görkezilen wagtdan tutuş 15 sagat giç edilip görkezilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Zmitser Bandarenka öz kärdeşiniň özüni öldürendigine ynanyp bilmejekdigini nygtady: «Býabenin meniň dostumdy. Ol hakyky žurnalist, hakyky erkek adamdy. Biz bilelikde her dürli kyn ýagdaýlarda bolup gördük. Ol biziň toparymyzyň içinde mydama durnuklylygyň merkezidi. Milisiýanyň aýdyşy ýaly, onuň öz janyny soňlamagy üçin hiç hili esas ýokdy. Biz muňa bütinleý ynanmaýarys. Ol internet žurnalizminiň sütünlerinden biridi. Ol, gürrüňsiz ýagdaýda, biziň hemmämiz üçinem örän ýetmezçilik eder».

Aleh Býabenin diri ýagdaýda iň soňky gezek 2-nji sentýabrda öýlänler görlüpdir. Şol gün ol öz dostlaryny Minskde kino görmäge çagyryp, olara telefon arkaly hat gönderipdir. Onuň jesedi bolsa, şol günüň ertesi, 3-nji sentýabrda agşamara tapyldy.

Häkimiýetleriň aladasy

Prokuraturanyň işgärleri indi Aleh Býabenini öz janyna kast etmäge mejbur edäýjek nähilidir bir ýagdaýyň ýüze çykyp-çykmandygyny anyklamaga çalyşýandyklaryny mälim etdiler.

Emma «Çarter97.org» internet saýtynyň işgärleri sorag geçirýän organ işgärlerini esasy gyzyklandyrýan zadyň Aleh Býabeniniň ölümi bilen baglanyşykly zatlar däl-de, eýsem bu saýtyň öz işiniň nähili ýola goýlandygy baradaky meseledigini aýdýarlar.

«Çarter97.org» saýty şu çaka çenli Belarusyň hökümeti barada örän tankydy materiallary ýaýradyp geldi. Žurnalist Aleh Býabenin has hem ýurduň awtoritar prezidenti Aleksandr Lukaşenko barada ýiti çykyş edýärdi.

Soňky wagtlar «Çarter97.org» saýty aýratynam syýasy aktiwistleriň we ýaşlar toparlarynyň liderleriniň organ işgärleri tarapyndan wagtlaýynça alnyp gaçylmagy ýaly wakalara uly ünsi çekdi. «Çarter97.org» saýty bu alnyp gaçylmalary belli-belli syýasy aktiwistleri doly ýok etmek üçin howpsuzlyk güýçleriniň geçirýän türgenleşigi hem-de «jellatlar toparyny» döretmek üçin görülýän taýýarlyk hökmünde häsiýetlendirýär.

Ýurduň oppozisiýasy 1990-njy ýyllarda Belarusda birnäçe tanymal şahsyýetiň ýitirim bolmagynda henize-bu güne çenli prezident Lukaşenkony aýyplap gelýär.

Aleh Býabeniniň ölümi Belarusdan daşarlarda-da ýiti reaksiýalary döretdi. ÝHHG-niň wekili Dunýa Miýatowiç we Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Jerzi Buzek Belarusy Aleh Býabeniniň syrly ölüminiň sebäplerini anyklamak boýunça düýpli derňew geçirmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG