Sepleriň elýeterliligi

Amerikaly syýahatçylyk bilermenleri Türkmenistanda


“Awaza” syýahatçylyk toplumyna degişli myhmanhanalar

“Awaza” syýahatçylyk toplumyna degişli myhmanhanalar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy we türkmen hökümeti sentýabr aýynyň 5-11-i aralygynda leksiýalary we duşuşyklary geçirmek üçin syýahatçylyk boýunça bilermen Tomas Teýtiň Türkmenistana saparyny gurnaýar. Bu barada amerikan ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Sport we syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň çakylygy boýunça, Tomas Teýt talyplar we syýahatçylyk pudagynyň işgärleri bilen Türkmenistandaky syýahatçylyga bagyşlanan duşuşyklary geçirer. Ol Mary welaýatyna, Aşgabatdaky we onuň töweregindäki syýahatçylyk ýerlerine aýlanar we Milli “Awaza” syýahatçylyk toplumyna degişli myhmanhanalarda leksiýa okar.

Soňky 20 ýylyň dowamynda Tomas Teýt dünýäniň 40-dan gowrak döwletinde özüniň syýahatçylyk boýunça tejribelerini paýlaşdy. ABŞ-nyň hökümetiniň dürli edaralary bilen hyzmatdaşlykda, Tomas Teýt Ukrainada, Montenegroda, Russiýa Federasiýasynda, Täjigistanda we Polşada iş saparlarynda boldy.

Tomas Teýt halkara konsultant hökmünde işe başlamazdan ozal ABŞ-nyň Newada ştatynyň Syýahatçylyk boýunça komissiýasynyň başlygy bolup, 11 ýyl işledi.

Şeýle hem şu gün ÝUSAID Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara ylmy maslahatynda maýa goýumlary we syýahatçylyk boýunça amerikaly bilermeniň daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň ýorite ykdysady zolakdaky wezipesi baradaky çykyşyny gurnamakda ýardam berdi.

Bu çykyş ÝUSAID-iň Ykdysady reformalar arkaly bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak (EREC) taslamasy tarapyndan maliýeleşdirildi diýlip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar. Maslahat “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky komiteti we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnaldy.

ÝUSAID-iň maýa goýumlary we syýahatçylygy ösdürmek boýunça maslahatçysy Rodrigo Ortiz öz beýanatynda şeýle diýdi: “Maýa goýumlaryna goldaw bermek we hususy sektory ösdürmek Türkmenistanyň edýän tagallalyrynyň iň möhümi bolup, bu ýurduň geljekki ykdysady ösüşi üçin möhüm goltgy hökmünde hyzmat edýär”.

Rodrigo Ortiz inwestorlary höweslendirmek, maýa goýumlarynyň kanuny goragyny kepillendirmek we Hazar deňziniň gündogar kenaryny goramak maksady bilen daşky gurşawy aýawly saklamak syýasatynyň ýöredilmegi babatda türkmen hökümetiniň öz üstüne alan borçlaryny goldaýandyklaryny hem mälim etdi.

Ylmy konferensiýada “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň daşary ýurtly kompaniýalar we myhmanlar üçin özüne çekiji ýer bolmagy babatda zerur bolan daşary ýurt maýa goýumlaryna goldaw bermekliginiň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy diýlip, ilçihananyň beýanatynda habar berilýär.

Ykdysady reformalar arkaly bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak (EREC) taslamasy amerikan halky tarapyndan ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) arkaly amala aşyrylýan ençeme çäreleriň biridir.
XS
SM
MD
LG