Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýadrosy boýunça hasabat alada döredýär


Birleşen Ştatlar bilen beýleki günbatar döwletleri Tähran atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýar diýip, güman edýärler.
Birleşen Ştatlar bilen beýleki günbatar döwletleri Tähran atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýar diýip, güman edýärler.

ABŞ Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Eýranyň ýadro programmasy barada çykaran täze hasabatynda aýdylýan zatlary atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk we global howpsuzlyga ähmiýet berýänleri alada goýýan ýagdaý diýip häsiýetlendirdi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň 6-njy sentýabrda çykan hasabatynda Eýranyň jedelli ýadro progammasy barada alnyp barylýan barlaglary çylşyrymlaşdyrýanlygy aýdylýar.

Ak Tamyň sözçüsi Tommy Wietor: “Hasabat Eýranyň atom programmasy barada öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýanlygyny ýene bir gezek görkezýär” diýdi.

Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligindäki ýörite wekili Ali Asgar Soltaniýeh bolsa: “Hasabat deňagramly däl” diýýär. Ol Eýranyň ýadro işleriniň ählisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň atom boýunça resmileriniň gözegçiliginde alnyp barylýanlygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparast hem Soltaniýäniň aýdanlaryny gaýtalap, şeýle diýdi: “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş direktory bu hasabatda Eýranyň ýadro programmasynda parahatçylykly ýoldan çykmaýandygyny 23-nji gezek nygtady”.

Mehmanparast: “Atom energiýasy boýunça halkara agentligi munuň deregine Ysraýyla seretsin. Ol Orta Gündogarda ýadro arsenaly bar ýeke-täk ýurt hasaplanýar” diýdi. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi şeýle hem: “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň bu hasabaty biziň bu agentlik bilen gelejekki hyzmatdaşlygymyza, biziň halkara düzgünlerine we kadalaryna bagly galmagymyza täsir etmez” diýdi.

Şübhe edilýär

Birleşen Ştatlar bilen beýleki günbatar döwletleri Tähran atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýar diýip, güman edýärler. Tähran hem bu prorgrammanyň diňe energiýa öndürmek üçindigini aýdýar.

Eýran şu ýylyň iýun aýynda iki tejribeli barlagça ýurda girmäge ýol bermedi. Ol geçmişde hem ýokary derejeli bir inspektora ýurda girmegi gadagan edipdi. Soltaniýeh Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň häzir 150 barlagçysynyň Eýranda iş alyp baryp bilýänligine salgylanyp: “Hasabatda hem Eýranyň ýene bäş inspektory makullandygy aýdylýar. Bu Tähranyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýändiginiň aýdyň alamaty” diýip,”Associated Press” habar agentligine aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň 11 sahypalyk dokumentinde Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň talaplaryny bozup, girizilen sanksiýalara garamazdan, uran baýlaşdyrmak işini dowam etdirýänligi aýdylýar.

Tähran barlag reaktoryna ýangyç üçin 22 kilogram 20 prosent baýlaşdyrylan uran öndürendigini aýdýar. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň resmileriniň aýtmagyna görä bolsa, onça urany aňsatlyk bilen ýaraga ýararlyk materiala öwrüp bolýar.
XS
SM
MD
LG