Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň demirgazygynda iki amerikan esgeri öldürildi


Yragyň demirgazygynda iki amerikan esgeri öldürildi.

Bagdatdan 170 kilometr demirgazykdaky Tu-Hurmato şäheriniň golaýynda amerikan harbylarynyň bir topary Yragyň ýörite gulluklarynyň işgärleri bilen duşuşan wagty harby eşik geýen söweşijiler ot açdy diýip, düýn amerikan komandowaniýesi habar berdi.

Düýn Bagdatda Yragyň “Al-Irakiýa” döwlet telekompaniýasynyň žurnalisti hem öldürildi. Riýad-as-Saraý sünni we şaýy musulmanlaryň ýakynlaşmagyna tarapdar adam hökmünde tanalýardy. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy eglenmezden derňew geçirmäge Yrak häkimiýetlerini çagyrdy.
XS
SM
MD
LG