Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 12 adam heläk boldy, 50-den gowragy ýaradar


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda, Kohat şäherinde bolan partlamada azyndan 12 adam ölüp, 50 gowragy ýaralandy.

Partlama polisiýa işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan etrabynda boldy.

Kohat administrasiýasynyň wekili Halid Han pidalaryň aglabasynyň aýallar we çagalardygyny habar berdi.

Halas edijileriň sözlerine görä, pidalaryň sanynyň artmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG