Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gurhany otlamak aksiýasyna amerikan häkimiýetleri alada bildirýär


2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terroristik aktyň ýyl dönümine gabatlap, ABŞ-daky ewangel keliseleriniň biriniň köpçüligiň gözüniň öňünde Gurhany otlamak baradaky planyna amerikan häkimiýetleri alada bildirdi.

Ak Tamyň wekili Robert Gibbs şeýle hilli aksiýanyň amerikan goşunlarynyň howpsuzlygyna wehim saljakdygyny aýtdy: “Şunuň ýaly aksiýanyň Owganystanda general Deýwid Petreus tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän biziň goşunlarymza howp boljakdygyny bilýäris. Biziň goşunlarymyz üçin howpdugyny general aýtdy, ol öz gezeginde biziň administrasiýamyz üçin hem goşmaça alada bolar”.
XS
SM
MD
LG