Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky koordinatory Aşgabatda


Düýn Ýewropa Bileleşginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin gözegçilik programmasynyň regional koordinatory, iş sapary bilen Aşgabada gelen Braýan Morgan Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Braýan Morgan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, demokratiýa we adam hukuklary milli institutynda bolup, Ýewrobileleşigiň, BMG-niň Ösüş programmasynyň, adam hukuklary boýunça ýokary komissaryň edarasynyň “Adam hukuklaryna ýardam etmekde we goramakda Türkmenistanyň potensialyny pugtalandyrmak” atly proýektini amala aşyrmagyň meseleleri maslahatlaşylypdyr.

2009-njy ýylyň oktýabrynda görkezilişi bolan şol programma üç ýyla niýetlenen diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
XS
SM
MD
LG