Sepleriň elýeterliligi

Nowruz baýramy ÝHHG-niň resmi baýramlarynyň sanawynda


ÝHHG-niň baş sekretary Mark Perren de Brişambo Nowruz baýramynyň ÝHHG-niň resmi baýramlarynyň hataryna goşulandygyny sentýabryň başynda yglan etdi diýip, Täjigistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şol maglumata görä, şeýle karara Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleriniň teklibi göz öňünde tutulyp gelnipdir.

Şu ýylyň fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda 21-nji marty Halkara Nowruz baýramy yglan etmek barada ylalaşyga gelnipdi.

Nowruz milli baýram hökmünde Türkmenistanda 21-22-nji mart günleri bellenýär.
XS
SM
MD
LG