Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owadan gyzlar nirede gerek?


«Aşgabatdaky «Ene mähri» hassahanasy açylanda meni hem işe aljak boldular. Ýöne bir dişimiň gyşygrak bolany üçin almadylar» diýip, saglyk öýleriniň birinde ginekolog bolup işleýän bir lukman gelin gürrüň berýär.

Ol hassahana diňe ýaşajyk hem owadan gyzlaryň işe alynýandygyny eşitmedikler ýok bolsa gerek.

Eger-de ol ýeri owadan gyzlaryň konkursynyň geçirilýän ýeri bolan bolsady, hassahana işe alnan ýaşajyk hem owadan gelin-gyzlary lezzet bilen synlap oturmaly bolardy. Emma ol ýer gözellik konkursynyň geçirilýän ýeri däl-de, göwreli aýallaryň iň bir kyn pursatda haraý isläp barýan ýeri. Ol ýerde çaga dünýä inderilýär.

Ýaş ene ölüm bilen ýaşaýşyň arasyndaky göreşe girýär. Beýle pursatda ençeme ýyllyk iş tejribesi bolan lukmanlar enä hemaýatçy bolmaly. Ýöne soňky ýyllarda dünýä standartynda täze salynýan hassahanalar sebäpli, ilat arasynda uly problemalar döreýär. Beýle hassahanalara tejribeli lukmanlar işe alnyp, ol ýerlerde keseller iň ýokary derejede bejerilmeli. Ýöne, gynansagam, bu ýagdaý beýle däl. Täze gurulýan owadan hassahanalara diňe owadan hem ýaş lukmanlar, aýratyn-da ýaş gelin-gyzlar işe alynýar. Olar bolsa örän tejribesiz. Ýaş lukmanlaryň tejribesizligi sebäpli dogurjak halatynda kesilýän eneleriň bäri-aňyrsy ýok.

Täze koordiologiýa merkezinde-de şeýle. Bejerilýänden bejerilmeýänler köp. Ýürege edilýän operasiýadan soň uzak ýaşaýanlar juda az.

Gözellik salony däl ahyryn...

Mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda ýurduň prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtdan daşda bolmadyk Çoganly posýologynda ýokanç keselleri merkezleri müdirýeti açyldy. Bu ýerde şeýle aýylganç hem gorkunç keselleri bejermek üçinem oýun edilýär. Hassahanalar üçin ýaşajyk we owadan gyzlary almak boýunça buýruk berildi. Tejribeli lukmanlara bolsa häzirlikçe öz islegleri boýunça işden gidýändikleri hakda arza ýazdyrylypdyr. Olaryň käbirleriniň ýene işe alnaýmagy-da mümkin, alynmazlygy-da. Alynsalar-da, olar diňe iň pes hünär boýunça işe alnarlar.

Ýurtda «Saglyk maksatnamasy» hereket edýär. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän, örän köp pullara durýan hassahanalar gurulýar. Dünýäniň iň ösen döwletlerinden iň ýokary derejeli medisina enjamlary satyn alynýar. Ýöne tejribeli lukmanlar, köpi gören halypalar işledilmejek bolsa, owadan binalardan, täze medisina enjamlaryndan ne peýda! Täze gurulýan hassahanalaryň içini ýaşajyk hem owadan gyzlardan dolduryp, ol ýerini ertekiler dünýäsine ýa-da gözellik salonyna meňzetjek bolmak nämä gerek?!

Owadan hassahanalar näsaglary bejermek üçin däl-de, diňe owadanlyk üçin gurulýana meňzeýär.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG