Sepleriň elýeterliligi

Owgan-pakistan serhedinde 10 sany ýaragly söweşiji öldürildi


Şu gün Pakistan bilen Owganystanyň serhet ýakasynda üsti pilotsyz harby uçardan atylan raketa oklarynyň netijesinde azyndan 10 sany ýaragly söweşijiniň ölendigi barada maglumat alyndy.

Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri tarapyndan amala aşyrylan bu hüjümleriň Pakistanynyň Demirgazyk Weziristan regionynda geçirilendigi habar berilýär.

Pakistanyň howpsuzlyk gullugynyň resmileri bu raketa hüjümleriniň bu regionda hereket edýän owganystanly meýdan komandiri Sirajuddin Hakganiniň ýaragly toparyny nyşana alyp gurnalandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG