Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýaly karikaturaça halkara media baýragy gowşuryldy


Muhammet pygamberi masgaralaýjy karikaturalary çekendigi üçin musulman ýurtlarynda giňden ýazgarylan daniýaly karikaturaçy Kurt Westergaarda şu gün Germaniýada halkara media baýragynyň gowşurylýandygy yglan edildi.

Bu baýragy gowşurmak çäresiniň guramaçylary şeýle baýragyň karikaturaçy Kurt Westergaarda metbugat we pikir azatlygy boýunça ýanbermez iş alyp barandygy üçin berlendigini mälim etdiler.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şu gün bu baýrak gowşurylyş dabarasynda ýörite doklad bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.

Karikaturaçy Kurt Westergaardyň Muhammet pygamberi masgaralaýjy äheňde çeken we Daniýanyň gazetinde çap edilen 12 sany karikaturasy iň bir uly dawa döreden karikaturalaryň hatarynda hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG