Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Gallup»: Türkmenleriň ynsanperwerlik derejesi 14-nji orunda


Türkmenistanyň resmi habar agentligi «Charities Aid Foundation» atly garaşsyz ynsanperwerlik fondunyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, adamlaryň ynsanperwerliginiň derejesi boýunça Türkmenistanyň dünýäde 14-nji orna eýe bolandygyny habar berýär.

Hususan-da, Türkmen Döwlet habarlar gullugy bu görkezijiniň düýbi ABŞ-da ýerleşýän «Gallup» barlaglar merkeziniň geçiren pikir soraýyşlyklarynyň netijesinde alnandygyny tassyklaýar.

Şol maglumata görä, dünýäniň 153 ýurdunda geçirilen bu barlaglarda raýatlaryň ynsanperwerlik işlerine näderjede ýygy-ýygydan pul berýändikleri we wagtlaryny sarp edýändikleri barada pikirleri soralypdyr.

Ýakynda «Gallup» barlaglar merkeziniň geçiren başga bir barlagy adamlaryň özlerini bagtly saýmaklarynyň derejesi boýunça-da Türkmenistanyň dünýäde 18-nji orundadygyny görkezipdi. Ýöne Türkmenistanyň häkimiýetleri muny raýatlaryň madda hal-ýagdaýynyň derejesine berlen baha görnüşinde häsiýetlendiripdiler.
XS
SM
MD
LG